Amerikan hristianlary Trumpyň al-Julani bilen duşuşygyna garşy nägilelik bildirdiler
Amerikan hristianlary bu ýurduň prezidentiniň Siriýanyň prezidenti Mohammad al-Julani bilen duşuşygyna garşy protest bildirdiler.
Pars Today-iň habaryna görä, amerikan hristianlarynyň bir topary bu ýurduň prezidentiniň Siriýanyň prezidenti Mohammad al-Julani bilen duşuşygyna garşy protest bildirdiler. Amerikan hristian liderleriniň bir topary duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpa hat gowşurjakdyklaryny yglan etdiler we ony we kongres liderlerini Siriýadaky hristianlary we yzarlanýan beýleki dini azlyklary goldamak üçin derhal çäre görmäge çagyrdylar.
Bu topar Trumpy öz ýurdunda hristianlar, kürtler, druzlar we alawiler ýaly dini azlyklaryň gyrylmagy barada al-Julani bilen gönüden-göni gürleşmäge çagyrdy.
50-den gowrak hristian aktiwisti we liderleri tarapyndan gol çekilen hatda Siriýadaky dini azlyklaryň "zorluga, ölüme, göçüşe, açlyga we suwdan we lukmançylyk hyzmatlaryndan mahrumlyga duçar bolmagy dowam edýändigi, şol bir wagtyň özünde DAEŞ terrorçylary bigünä aýallary we çagalary zamun aldylar" diýlip nygtalýar.