Rýabkow: Eýran bilen ýadro gepleşiklerinde Ýewropa esasy päsgelçilikdir
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly meselelere gepleşik arkaly çözgüt tapmak islegini Moskwanyň goldaýandygyny nygtap ýöne bu babatda Ýewropa ýurtlary esasy päsgelçilikdir diýip belledi.
Tasnim habar agentliginiň "Nowosti" habar agentligine salgylanyp beren maglumatyna görä, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Eýranyň ýadro programmasyna gepleşik arkaly çözgüt tapmakda ýewropa ýurtlarynyň esasy päsgelçilikdigini yglan etdi.
"Haýat Binaliýan" analitik žurnalyna beren interwýusynda Rýabkow muny şeýle düşündirdi: "Biz eýranly kärdeşlerimizi we dostlarymyzy gepleşik arkaly çözgüt tapmakda goldaýarys. Syýasy we geosyýasy göreşlerinde şu nokada ýeten ýewropaly gatnaşyjylaryň hakykatda tersini edýändigini görýäris. Indi Eýranyň ýadro programmasyna gepleşik arkaly çözgüt tapmak prosesinde esasy päsgelçilik bolanlar hut olar".
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary şeýle ýagdaýyň Moskwa üçin täze däldigini, sebäbi Ýewropa Bileleşigi we onuň agza döwletleri häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamynda düýbünden negatiw rol oýnaýandygyny we bu garaýyşyň Ukraina töweregindäki ýagdaýyň dowamynda hem aýdyň görünýändigini sözüne goşdy.