Ysraýyl Gaza zolagyna ynsanperwer kömeginiň gelmegine päsgel berýär
Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlaryna kömek we iş agentliginiň (UNRWA) media geňeşçisi sionist režiminiň Gaza zolagyna ynsanperwer kömeginiň gelmegine päsgel bermeginiň ynsanperwerlik krizisini has-da güýçlendirendigini duýdurdy.
UNRWA-nyň media geňeşçisi "Adnan Abu Hasna" sionist režiminiň sebitiň zerurlyklaryny üç aýlap kanagatlandyrjak ynsanperwer kömeginiň Gaza zolagyna gelmegine päsgel berýändigini yglan etdi.
Abu Hasna şeýle-de Ysraýylyň UNRWA-a alternatiw edaralary döretmek synanyşyklarynyň başa barmandygyny we "Gaza ynsanperwerlik edarasynyň" ýapylmagynyň hem ýeterlik tejribäniň ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
UNRWA-nyň media geňeşçisi açlyk syýasatynyň dowam etmegine we Gaza zolagynda maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligine salgylanyp, Ysraýylyň çäklendirmeleriniň UNRWA-ny çökmegiň gyrasyna getirendigini we guramanyň uly býujet ýetmezçiliginiň geljek ýylyň birinji çärýeginde takmynan 200 million dollara ýetjekdigini, bu bolsa 30 müňden gowrak işgäriň aýlyklaryny tölemek howpuny döredýändigini sözüne goşdy.