Ärdogan: Ysraýylyň palestinaly aýallara we çagalara garşy rehimsizligi jogapsyz galýar
Türkiýäniň Prezidenti Ysraýyl režiminiň Gaza zolagyndaky zorlugyny berk tankyt edip, soňky iki ýylyň dowamynda palestinaly aýallara we çagalara garşy genosidçi Ysraýyl režiminiň jenaýatlarynyň jogapsyz galandygyny yglan etdi.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Ärdogan Ankarada geçirilen "Aýallara garşy zorlugy ýok etmek boýunça halkara güni" mynasybetli eden çykyşynda Gaza zolagyndaky uruşda öldürilen 70 müň adamyň üçden ikisiniň aýallar we çagalar bolandygyny we soňky iki ýylda bolsa 20 müňden gowrak çaganyň öldürilendigini nygtady.
Bu zorluga ýigrenjini bildiren Türkiýäniň Prezidenti muny iki ýüzli standartlaryň we global dymmagyň netijesi hasaplady we bu jenaýatlara deň derejede jogap berilmedigini aýtdy.
Türkiýäniň Prezidenti Türkiýäniň ezilen ýa-da ezijiniň kimligine garamazdan, haky we hakykaty goramagyny dowam etdirjekdigini nygtady.