Maduro: Wenesuela ýeňilmez ýurtdyr
Wenesuelanyň Prezidenti, bu ýurduň halkynyň soňky hepdelerde öz taryhynda iň agyr agressiýa görnüşleriniň birine duçar bolandygyny nygtap Wenesuela ýeňilmez we boýun egmez ýurtdyr diýdi.
Karakasda geçirilen "Boliwar Halk Assambleýalarynyň" serkerdeleriniň kasam kabul ediş dabarasynda Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro geçen 22 hepde Wenesuela üçin synag bolandygyny we bu ýurduň halkynyň öz watanyna bolan söýgüsini subut edendigini aýtmak bilen biz Wenesuelany çäksiz söýýäris we ony goramaga taýýar diýip sözüne goşdy.
Maduro şeýle hem Wenesuelada milli jebisligiň häzirki wagtda iň ýokary derejededigini we ýurtdaky ähli syýasy akymlaryň harby we imperialistik howplary ýazgarandygyny nygtap: Olar bizi psihologik terrorçylyk bilen güýçli watan gurmak ýolundan bir santimetr hem sowup bilmediler diýdi.
Wenesuelanyň Prezidenti, öz ýurdunyň özygtyýarlylyga, deňlige we azatlyga esaslanýan parahatçylygy isleýändigini belläp, şeýle diýdi: Wenesuela ýeňilmez we boýun egmez ýurtdyr.