BMG: Rafah geçelgesi doly açylmaly
Dec 04, 2025 12:24 Asia/Ashgabat
BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat wekili Gaza halkyna ynsanperwer kömek bermek üçin Rafah geçelgesi açylmalydyr diýdi.
BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat wekili "Stefan Dujarrik" Sionist režiminiň ok atyşygy bes etmeklige garamazdan Gaza zolagyna hüjümleri palestinalylaryň has köp pidalaryna we göçürilmegine sebäp bolýar diýdi.
Dujarrik şeýle hem Gaza zolagynyň günortasynda ýerleşýän Rafah geçelgesi ynsanperwer kömekleriň we sebitdäki adamlaryň hereketi üçin doly açylmalydyr diýip nygtady.
BMG-niň resmisi şeýle hem sözüniň dowamynda Palestinalylar hiç hili basyş bolmazdan Gaza zolagyndan çykyp, gaýdyp bilerler ýaly azat bolmalydyrlar diýdi.