Guterreş: Sionist režimiň Günbatar Şeriýadaky ilatly ýerleri bikanundyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27766-guterreş_sionist_režimiň_günbatar_Şeriýadaky_ilatly_ýerleri_bikanundyr
BMG-niň Baş sekretary, Günbatar Sionist režimiň Ysraýylyň ilatly ýerleriniň öň görlüp-eşidilmedik derejede köpelendigini aýtmak bilen bu režimiň ähli ilatly ýerleri bikanundyr diýdi.
(last modified 2025-12-12T03:57:00+00:00 )
Dec 12, 2025 08:57 Asia/Ashgabat
  • Guterreş: Sionist režimiň Günbatar Şeriýadaky ilatly ýerleri bikanundyr

BMG-niň Baş sekretary, Günbatar Sionist režimiň Ysraýylyň ilatly ýerleriniň öň görlüp-eşidilmedik derejede köpelendigini aýtmak bilen bu režimiň ähli ilatly ýerleri bikanundyr diýdi.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş, basyp alnan Kuds bilen birlikde Günbatar Şeriýadaky Sionist režimiň şäherçe gurmak işlerini ýazgaryp: 2025-nji ýylda BMG-niň gözegçiliginiň başlangyjyndan bäri Ysraýylyň ilatly ýerleri meýilnamalarynyň iň uly giňelmegine şaýat boldyk diýdi.

Gaza zolagyndaky wakalara salgylanyp, BMG-niň Baş sekretary, Zolagdaky gowşak howpsuzlyk ýagdaýy we ok atyşygy bes etmeklige howp salýan dowam edýän zorluk barada hem alada bildirdi we Ysraýylyň Gaza zolagyna yzygiderli hüjümleriniň raýatlaryň arasynda uly pidalara we infrastruktura uly zyýan ýetirmegine sebäp bolýandygyny sözüne goşdy.

Guterreş şeýle-de Gaza zolagyna zerur kömegiň berilmegine Sionist režimiň päsgel bermegini ýazgaryp, Gazada azyk önümleriniň elýeterliliginiň gowulaşmagyna garamazdan, Zolagdaky adamlaryň köpüsi üçin zerur belok çeşmeleriniň elýeterli däldigini we islendik rehimsizlik ýa-da halkara hukugynyň bozulmagy üçin doly jogapkärçiligiň üpjün edilmelidigini duýdurdy.

BMG-niň Baş sekretary şeýle nygtady: Gaza sektoryndaky ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynyň 80 göterimden gowragy weýran boldy ýa-da agyr zyýan çekdi.