Orsýet: HAEG we Eýran ylalaşyga gelip bilerler
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27794-orsýet_haeg_we_eýran_ylalaşyga_gelip_bilerler
Orsýetiň daşary işler ministri, eger HAEG öz ýörelgelerine we borçlaryna eýerip, Günbataryň basyşyna boýun egmese, Eýran bilen ylalaşyk gazanyp biljekdigini aýtdy.
(last modified 2025-12-18T07:38:24+00:00 )
Dec 18, 2025 12:38 Asia/Ashgabat
  • Orsýet: HAEG we Eýran ylalaşyga gelip bilerler

Orsýetiň daşary işler ministri, eger HAEG öz ýörelgelerine we borçlaryna eýerip, Günbataryň basyşyna boýun egmese, Eýran bilen ylalaşyk gazanyp biljekdigini aýtdy.

Pars Today-iň habaryna görä, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çarşenbe güni Moskwada Eýranyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi bilen geçirilen metbugat ýygnagyndan soň şeýle diýdi: HAEG-niň Eýrandaky gözegçilik edýän desgalarynyň iň agyr bikanun hüjümlere sezewar bolandygy barada heniz öz garaýşyny bildirmändigini ýatda saklamalydyrys.

Ol sözüni dowamynda biz Yslam Respublikasynyň hoşniýetliligine minnetdarlyk bildirýäris, ol bu hüjümleriň ählisine garamazdan, HAEG bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar, ýöne bu hyzmatdaşlyk Günbataryň gün tertibini öňe sürmek üçin peýdaly bolmaly däldir diýdi.

Lawrow şeýle hem eger HAEG-niň ýolbaşçylary öz borçlaryny doly ýerine ýetirse, Yslam Respublikasy bilen ylalaşyklara ýetip boljakdygyna şübhelenmeýärin diýdi.