Britaniýa Ysraýylyň Günbatar Şeriýada ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyny ýazgardy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27808-britaniýa_ysraýylyň_günbatar_Şeriýada_ýaşaýyş_jaýlaryny_gurmagyny_ýazgardy
Britaniýa Sionist režimiň Günbatar Şeriýada ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyny ýazgardy we bu hereketiň uzak möhletli parahatçylygyň we howpsuzlygyň mümkinçiliklerine zyýan ýetirýändigini duýdurdy.
(last modified 2025-12-22T07:40:24+00:00 )
Dec 22, 2025 12:40 Asia/Ashgabat
  • Britaniýa Ysraýylyň Günbatar Şeriýada ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyny ýazgardy

Britaniýa Sionist režimiň Günbatar Şeriýada ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyny ýazgardy we bu hereketiň uzak möhletli parahatçylygyň we howpsuzlygyň mümkinçiliklerine zyýan ýetirýändigini duýdurdy.

Britaniýanyň Günbatar Aziýa boýunça daşary işler ministriniň orunbasary Hamiş Falkoner duşenbe güni irden X sosial ulgamynda şeýle ýazdy: Britaniýa Ysraýylyň Palestinada 19 täze ýaşaýyş jaýyny gurmagyny tassyklamagyny ýazgarýar. Ol şeýle hem bu hereket halkara hukugyna laýyklykda bikanundyr we ABŞ-nyň 20 maddadan ybarat meýilnamasyna we uzak möhletli howpsuzlygyň we parahatçylygyň mümkinçiliklerine zyýan ýetirýär diýdi.

Sionist režiminiň 14-nji kanaly ýekşenbe güni Ysraýylyň syýasy we howpsuzlyk kabinetiniň Günbatar Şeriýada 19 sionist ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilnamasyny tassyklaandygyny habar berdi.

Ozal Ysraýylyň maliýe ministri Bezalel Smotriç Günbatar Şeriýada 19 täze ýaşaýyş jaýyny kanunlaşdyrmak meýilnamasyny kabinet agzalaryna hödürledi we olar meýilnama razy boldular.