Belgiýa Ysraýylyň Gaza garşy genosid işine Gaagada goşuldy
Dec 24, 2025 12:34 Asia/Ashgabat
Belgiýa hem Halkara Adalat Sudunda sionist režimiň Gaza garşy genosid işine goşuldy.
Gaza urşy boýunça kazyýet işleriniň dowamy hökmünde Belgiýa Günorta Afrikanyň sionist režime garşy Halkara Adalat Sudunda (ICJ) genosid aýyplamalary bilen beren işine resmi taýdan goşuldy.
Sud beýanatda Belgiýanyň "aralaşmak jarnamasyny" tabşyrmak bilen işe goşulandygyny yglan etdi. Braziliýa, Kolumbiýa, Irlandiýa, Meksika, Ispaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlar ozal Gaagada bu kazyýet işine goşulypdylar.
Günorta Afrika 2023-nji ýylyň dekabrynda Gaza zolagyna garşy Ysraýylyň urşunyň 1948-nji ýyldaky BMG-niň Genosid jenaýatynyň öňüni almak we jezalandyrmak baradaky Konwensiýasyny bozýandygyny öňe sürüp, işe girişdi.