Müsür Gaza ýaşaýjylaryny mejbury göçürmek baradaky üç teklibi ret etdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27826-müsür_gaza_ýaşaýjylaryny_mejbury_göçürmek_baradaky_üç_teklibi_ret_etdi
Müsüriň daşary işler ministri Kairiň Gaza ýaşaýjylaryny mejbury göçürmek baradaky üç teklibi alandygyny, ýöne olary ret edendigini yglan etdi.
(last modified 2025-12-26T07:50:20+00:00 )
Dec 26, 2025 12:50 Asia/Ashgabat
  • Müsür Gaza ýaşaýjylaryny mejbury göçürmek baradaky üç teklibi ret etdi

Müsüriň daşary işler ministri Kairiň Gaza ýaşaýjylaryny mejbury göçürmek baradaky üç teklibi alandygyny, ýöne olary ret edendigini yglan etdi.

Müsüriň daşary işler ministri Badr Abdel Ati ýurduň Gaza ýaşaýjylaryny mejbury göçürmek baradaky teklipleri kabul etmeýändigini aýtdy. Ol geljek hepdelerde ok atyşygy bes edenden soň Gaza zolagyny dolandyrmak boýunça komitetiň jikme-jiklikleri yglan ediljekdigini sözüne goşdy. Onuň sözlerine görä, arap ýurtlary Gazada administratiw komitet we tehnokratlar döretmek barada ylalaşýarlar. Bu usul palestina toparlary tarapyndan hem kabul edilendir.

Müsüriň daşary işler ministri Abdel Ati şeýle hem Trampyň Gaza üçin meýilnamasynyň saýlama görnüşde amala aşyrylmaly däldigini nygtady.