Sionist režiminiň Somalilend baradaky hereketi giňden ýazgaryldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27842-sionist_režiminiň_somalilend_baradaky_hereketi_giňden_ýazgaryldy
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we 21 arap we yslam ýurdy bilelikdäki beýanat ýaýradyp, Sionist režiminiň Somalilendi ykrar etmekdäki hereketini halkara hukugynyň aç-açan bozulmagy diýip atlandyrdylar.
(last modified 2025-12-28T09:30:21+00:00 )
Dec 28, 2025 14:30 Asia/Ashgabat
  • Sionist režiminiň Somalilend baradaky hereketi giňden ýazgaryldy

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we 21 arap we yslam ýurdy bilelikdäki beýanat ýaýradyp, Sionist režiminiň Somalilendi ykrar etmekdäki hereketini halkara hukugynyň aç-açan bozulmagy diýip atlandyrdylar.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy 21 arap we yslam ýurdy bilen bilelikde Sionist režiminiň Somalilendi ykrar etmekdäki hereketini berk ýazgarýan beýanat ýaýratdy.

Beýanatda Ysraýylyň basyp alyjy režiminiň hereketiniň BMG-niň Düzgünnamasyna we ýurtlaryň özygtyýarlylygy we territorial bitewüligi prinsipine ters gelýändigi nygtaldy. Gol çekenler Somali Federal Respublikasynyň özygtyýarlylygyny doly goldaýandyklary bilen birlikde, ýurdy bölmek üçin edilýän islendik synanyşygy ret etdiler. Bu pozisiýa Tel-Awiwiň Somalilend bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky yglan etmegine jogap hökmünde kabul edildi.

Somalilend separatistleri 1991-nji ýylda Somaliden garaşsyzlyklaryny yglan etdiler, ýöne şu wagta çenli BMG-niň agza ýurtlarynyň hiç biri olary ykrar etmedi.

Şol bir wgta Ýewreý dilindäki metbugat Tel-Awiwiň Somalilendde diplomatik gatnaşyklardan daşary maksatlara eýerýändigini görkezýän jedelli meýilnamany açdylar.

Ysraýylyň 12-nji kanaly Tel-Awiwiň Somalilendi ykrar etmekdäki esasy maksadynyň Gaza zolagynyň ýaşaýjylaryny bu sebite mejbury göçürmek üçin ýol açmakdygyny we bu hereketiň sebitleýin we halkara derejede negatiw reaksiýalara duçar bolandygyny habar berdi.