Trampyň Yrakdaky wekili Täze ýylyň başynda Yraga gatyşmagyny dowam etdirýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27858-trampyň_yrakdaky_wekili_täze_ýylyň_başynda_yraga_gatyşmagyny_dowam_etdirýär
ABŞ-nyň Prezidentiniň Yraga iberen wekili Yraga gatyşmagyny dowam etdirýär we ol yraklylar üçin Täze ýyl gutlagynda bir çäk goýdy.
(last modified 2026-01-01T08:20:59+00:00 )
Jan 01, 2026 13:20 Asia/Ashgabat
  • Trampyň Yrakdaky wekili Täze ýylyň başynda Yraga gatyşmagyny dowam etdirýär

ABŞ-nyň Prezidentiniň Yraga iberen wekili Yraga gatyşmagyny dowam etdirýär we ol yraklylar üçin Täze ýyl gutlagynda bir çäk goýdy.

ABŞ-nyň prezidentiniň Yrakdaky wekili Mark Sawaýa penşenbe güni täze 2026-njy ýylyň başlangyjyny bellemek üçin dahylçylykly sargyt ýaýratdy.

Ol yraklylar üçin ýagty geljegi üpjün etmek üçin konstitusiýanyň we kanunyň çäklerinde Yrak hökümeti bilen işleşmek barada gürrüň berdi we 2026-njy ýylyň başlangyjyny gutlaýan habarynda şeýle diýdi: "Bu ýyl düzgünleşdirilmedik ýarag işleriniň, korrupsiýanyň we daşary ýurtlaryň goşulyşmagynyň soňlanýan ýylydyr".

Bu sözler bir ýagdaýdadyr welin Yragy basyp alany bäri Amerikanyň hut özi bu ýurdyň içeriki işlerine gatyşyp gelýändir.