Donald Tramp amerikan protestçilerine garşy göreşmek bilen haýbat atýar
ABŞ-nyň prezidenti protestler gaýdyp gelse, amerikan şäherlerine federal güýçleri gaýtadan ýerleşdirmek bilen haýbat atdy.
"Truth Social" sosial ulgamyndaky habarda Donald Tramp Milli Gwardiýany Çikagodan, Los Anjelesden we Portlanddan çykarjakdygyny, ýöne jenaýatçylyk köpelse, bu güýçleriň gaýdyp geljekdigini yglan etdi.
Bu bir ýagdaýdadyr welin ýerli resmiler we Demokratik partiýanyň agzalary Çikagoda, Los Anjelesde we Portlandda federal güýçleriň ýerleşdirilmeginiň bikanun we gereksizdigini yglan etdiler.
Olar Tramp administrasiýasyny federal ygtyýarlyklaryň çäginden çykmakda we bu şäherlerde jenaýatçylygyň bardygyny ulaltmakda aýypladylar.
Halkara gatnaşyklary boýunça bilermenler hem Tramp administrasiýasynyň howpsuzlyk we polisiýa çäreleriniň sebäbini Ak Tamyň halk garşy syýasatyna garşy jemgyýetçilik gozgalaňy barada alada hökmünde baha berdiler.