Orsýet: Biz Eýrana garşy sanksiýalary dikeltmek synanyşygyna garşy durýarys
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27864-orsýet_biz_eýrana_garşy_sanksiýalary_dikeltmek_synanyşygyna_garşy_durýarys
Orsýetiň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky hemişelik wekili şeýle diýdi: Biz Howpsuzlyk Geňeşinde 2015-nji ýylyň 2231-nji rezolýusiýasy bilen ýatyrylan Eýrana garşy sanksiýa mehanizmlerini dikeltmek synanyşygyna garşy durarys.
(last modified 2026-01-01T08:50:02+00:00 )
Jan 01, 2026 13:50 Asia/Ashgabat
  • Orsýet: Biz Eýrana garşy sanksiýalary dikeltmek synanyşygyna garşy durýarys

Orsýetiň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky hemişelik wekili şeýle diýdi: Biz Howpsuzlyk Geňeşinde 2015-nji ýylyň 2231-nji rezolýusiýasy bilen ýatyrylan Eýrana garşy sanksiýa mehanizmlerini dikeltmek synanyşygyna garşy durarys.

Orsýetiň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky hemişelik wekili Dmitriý Polýanskiý TASS habar agentligine beren interwýusynda şeýle sözüni goşdy: Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Eýrana garşy sanksiýa mehanizmleriniň dikeldilmegine päsgel bermekçi, sebäbi Britaniýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly Ýewropa üçlügi ýurtlary Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly "ُSnapback" sanksiýa mehanizmini ulanmak hukugyny ýitirdiler.

Ol şeýle-de biz we biziň pikirdeşlerimiz üçin bu 2231-nji rezolýusiýa 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda (27 Şahriwar) möhletini ýitirdi diýdi.