ABŞ Wenesuela garşy hüjüm etdi
Käbir habar serişdeleri ABŞ-nyň Wenesuelanyň paýtagty Karakasa howa hüjümi barada habar berýärler.
Habar serişdeleri ABŞ-nyň Wenesuelanyň paýtagty Karakasda howa hüjümi barada habar berdiler. “Reuters” agentligi hem birnäçe wagt mundan ozal Wenesuelanyň paýtagty Karakasda azyndan 7 partlamanyň eşidilendigini habar berdi. Pars Today-iň habaryna görä, Karakasyň günortasyndaky harby bazanyň golaýyndaky bir ýerde elektrik kesilipdir.
Ýerli habar serişdelerinde Wenesuelany sarsdyran köp sanly partlamalar bilen bir wagtda amerikan dikuçarlarynyň Karakasyň üstünden uçup geçendigi görülýär. Habarlara görä, bularyň AH-64 Apaçi hüjüm dikuçarlary we CH-47 ulag dikuçarlary bolupdyr. Al Jazeera hem harby uçarlaryň Wenesuelanyň paýtagtyndaky näbelli nyşanalara birnäçe gezek hüjüm edip, pes belentlikde uçup geçendigini habar berdi.
Wenesuelanyň paýtagtyna hüjüm Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduronyň Birleşen Ştatlaryň Wenesuelanyň hökümetini agdarmaga we sanksiýalar we harby basyş kampaniýasy arkaly Wenesuelanyň ägirt uly nebit gorlarynyň gözegçiligini ele geçirmäge synanyşýandygy barada duýduryş beren wagty boldy.
Sosial mediada ABŞ-nyň harby "Çinook" dikuçarlarynyň Wenesuelanyň paýtagty Karakasyň üstünde aýlanyp ýören köp sanlysyny görkezýän suratlar ýaýrady.