Pakistan: Amerikanyň Eýrana garşy agressiw çemeleşmesi Kynçylyk döredýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i27892-pakistan_amerikanyň_eýrana_garşy_agressiw_çemeleşmesi_kynçylyk_döredýär
Pakistanyň Goranmak ministri şeýle diýdi: Amerikanyň Eýrana garşy islendik agressiw çemeleşmesi Pakistan üçin Kynçylyk döredýär.
(last modified 2026-01-07T04:33:05+00:00 )
Jan 07, 2026 09:33 Asia/Ashgabat
  • Pakistan: Amerikanyň Eýrana garşy agressiw çemeleşmesi Kynçylyk döredýär

Pakistanyň Goranmak ministri şeýle diýdi: Amerikanyň Eýrana garşy islendik agressiw çemeleşmesi Pakistan üçin Kynçylyk döredýär.

Pars Today-iň habaryna görä, Pakistanyň Goranmak ministri Hawaja Muhammad Asif şeýle diýdi: Amerikanyň goňşymyz Eýrana garşy islendik agressiw çemeleşmesi Yslamabat üçin hem Kynçylyk döredýär.

Pakistanyň Goranmak ministri şeýle hem Sionist režimiň premýer-ministrini taryhda iň ýigrenilýän jenaýatçy diýip atlandyrdy.

Pakistanyň Goranmak ministri Hawaja Muhammad Asif Yslamabatda Geo News Network bilen söhbetdeşlikde Sionist režimiň premýer-ministri Benjamin Netanýahuny taryhda iň ýigrenilýän jenaýatçy hökmünde tanyşdyrdy we şeýle diýdi: Netanýahunyň Eýran Yslam Respublikasynyň parahatçylykly ýadro maksatnamalaryna garşy ýalanlary diňe Eýrana hüjüm etmek üçin bahanady.

Hawaja Muhammad Asif şeýle hem Trampa şeýle diýdi: Eger ABŞ-nyň prezidenti adamzat barada çynlakaý alada edýän bolsa, ol gaçgak aýyplanýan we taryhda iň uly jenaýatçy Netanýahuny Amerikanyň sudlarynda sud etmeli.