António Guterreş bilen Maýk Pompeo duşuşyp gürrüň etdiler
Birleşen Milletler Guramasynyň Başsekretary António Guterreş Amerikanyň daşary işler ministri maýk Pompeo bilen duşuşyp Ortagündogaryň ýaraşygy we korea ýarymadasyny atam ýaragdan boşatmak barada gürrüň etdi.
Amerikanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Heather Nauert bu habary yglan etmek bilen bir wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Başsekretary António Guterreş bilen Amerikanyň daşary işler ministri maýk Pompeo şeýle-de Liwiýa meselesi hemde soňky wagtlarda Guttereşiň Maly ýurdyna gurnan sapary hemde ýemene we Siriýa ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi barada gürrüň etdiler diýip habar berdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Başsekretary António Guterreş bilen Amerikanyň daşary işler ministri maýk Pompeo Amerika bilen Demirgazyk Koreýanyň başlyklarynyň Singapurda geçiren duşuşygy barada hem pikir alyşdylar diýip Amerikanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Heather Nauert sözüne goşdy.