Pompeo Eýran barada Al-jobair we Mugerini bilen gürrüň etdi
Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeo penşenbe güni NATO gurmasynyň başlyklarynyň Brýussel-de geçiren maslahatynyň ýanynda Arabystanyň daşary işler ministri Adel Al-jobair hemde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerini bilen duşuşyp köp meseller şol sanda Eýran barada gürrüň etdi.
Maýk Pompeo Brýussel-de Arabystanyň daşary işler ministri Adel Al-jobair hemde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerini bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi hemde hamala Eýranyň wehimleri barada gürrüň etdi.
Eýran yslam respublikasy Amerika we Arabystanyň sebitdäki mekirli hilelerine garşy göreşmek ugurda ylaýtada Siriýada we Yrakda alyp barýan syýasatlaryna garşy göreşmek ugurda bu ýurtlaryň kanuny döwletleriniň islegi esasynda harby maslahatlaryny bermekde ýörite roly ýerine ýetirendir we bu mesele bolsa Amerika we Arabystanyň gazaba çykmagyna sebäp bolandyr.