Amerikanyň daşary işler ministrligi: Waşington döwleti Eýrandaky nägilelikli hereketleri goldaýar
Aug 04, 2018 16:33 Asia/Ashgabat
Eýranyň içeri işlerine köp gatyşan Amerika ýene bir gezek Eýran ilatyny goldaýanlygyny toslady.
Amerikanyň daşary işler ministrligi özüniň twitter sahypasynda Waşington Eýranyň köçelerindäki nägilelikli hereketlere goldaw berýär diýip ýazandyr.
Amerikanyň prezidentiniň orunbasary Maýk Pens hem 23-nji iýulda eden çykyşynda Waşington Eýranyň köçelerindäki nägilelikli hereketlere goldaw berýär diýip toslapdy.
Amerikada Donald Trampyň gudrat başyna geleni bäri Waşington döwleti Eýran Yslam respublikasyna garşy bolýan täze propaganda işlerine başlady, onuň maksady hem Eýranda durnuksyzlyk döretmekdir.