Trampyň Eýrana garşy toslamalary
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp Eýrana garşy toslamalarynyň dowamynda ýadro ylalaşygyndan çykmak baradaky tutumynyň Eýrany dargatmaga tarap iterendigini toslady.
Amerikanyň döwlet baş tutany Donald Tramp NBC tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde ýene bir gezek ýadro ylalaşygyny iň erbet ylalaşyk hasaplamak bilen bir wagtda Eýran gepleşik stolyna öwürilip geljekdir we täze ylalaşyga gol çekjekdir diýip toslady.
Tramp şeýle-de täze ylalaşygyň gowy bolmagyny umyt etdi.Donald Trampyň bu toslamasy şeýle bir ýagdaýda ara atylyp durandyr welin 4+1 ýurtlary Niu-ýorkda bir beýannama boýunça ýadro ylalaşygyny berk goldaýandyklaryny we Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny goramak üçin täze maliýe sistemanyň hem gelejek Noýabr aýndan amala aşyrlyp başlanjakdygyny yglan etdiler.
ýeri gelende aýtsak Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk hem Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynda eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýadro ylalaşygyna ygrarlydygyny yglan etdi.