Britaniýanyň deputatlarynyň we ministrleriniň şahsy maglumatlarynyň paş bolmagy
Britaniýanyň howpsyzlyk resmileri bu ýurdyň ministrleriniň we deputatlarynyň şahsy maglumatlarynyň paş bolanlygyny habar berdiler.
Fransiýa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Britaniýanyň howpsyzlyk resmileri kamputer programasynda ýüze çykan howpsyzlyk nuksançylyk zerarly Britaniýanyň ýokary derejeli ministrleriniň telefon nomyrlarnyň we şahsy maglumatlarynyň umum ilatyň erkinde goýulmagyna sebäp boldy diýip habar berdiler.
Britaniýanyň konserwatiw partiýasyndan bolan Britaniýanyň daşky gurşaw ministri Mikel Gaw hemde bu ýurdyň öňki daşary işler ministri Boris Janson şahsy maglumatlary paş bolan şahsyýetlerdendir.
Britaniýanyň premir-ministri Treza Meýiň ýolbaşçylygyndaky konserwatiw partiýasy ýaňky mesele babatly ötünç soramak bilen bir wagtda tehniki kynçylyklar çözüldi we howpsyzlyk berkarar boldy diýip yglan etdi.