Mugerini Ýewropa döwletlerinden ýadro ylalaşygyny goldamaklaryny isledi
-
Mugerini Ýewropa döwletlerinde ýadro ylalaşygyny goldamaklaryny isledi
Ýewropa Bileleşiniň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerini Ýewropa döwletlerinde Eýran bilen 5+1 ýurtlaryň arasynda hasyl bolan ýadro ylalaşygyny goldamaklaryny isledi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Ýewropa Bileleşiniň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerini şu gün Lýuksemburgda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ýadro ylalaşygy baradakymaslahatlaryndan öňürti beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygyň ýerine başga çärelere garalmajakdygyny aýdypÝewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrlerinden ýadro ylalaşygyna berk goldaw bermeklerini isledi.
Mugerini şeýle-de ýadro ylalaşygy barada Ýewropa ýurtlarynyň bir meňzeş garaýyşa gulluk edýänligi uly ses bilen yglan edilmelidir diýip nygtap geçdi.
Ýewropa Bileleşiniň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerini şu gün halkara Atom Energiýasy Agentliginiň başmüdüri Ýukiýa Amano bilen geçiren gepleşigine hem yşarat edip Amano Eýran Yslam Respublikasyny hiç haçan Agentligiň barlagçylarynyň öňüne geçen däldigini aýtdy diýip nygtap geçdi.