Ärdogan sebitdäki Amerikanyň çapraz syýasatlaryny tankyt etdi
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sebitdäki Amerikanyň çapraz syýasatlaryny tankyt etmek bilen Siriýadaky terrorçylara Amerikanyň ýarag iberýändigini habar berdi.
şu gün Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan TRT tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerika Siriýadaky terrorçylara ýarag ibermek bilen Siriýanyň dartgynlylygynyň syýasy ýoldan çözülmeginiň öňünde böwet döretýändir diýdi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan şeýle-de Siriýanyň dartgynlylygynyň harby çykalgasynyň ýoklygyna yşarat edip Ankara , Amerikanyň ykdysady urşynyň garşysynda hiç haçan boýun egmez we öz çydamyny dowam eder diýdi.
BMG-nyň howpsyzlyk geňeşi dünýäde adalaty berkarar edip başarandäldir sebäbi bu geňeşiň hemişelik agzasy bolýan Amerika kölençe weto hakynda peýdalanyp makullanan ähli kararlary bozýandyr diýip Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sözüne goşdy.