Ankara döwleti Arabystanyň Stambuldaky konsullygyny barlamak barada isleg bildirdi
Ankara döwleti Arabystanly žurnalist Jamal Haşakçiniň ýitirim bolmagy mowzugy bilen baglanşykda bu ýurdyň Stambuldaky konsullygynyň barlanmagyny isledi.
Al-Riýat döwletiniň tankytçysy bolan Arabystanly žurnalist Jamal haşakçiniň ýitirim bolmagyndan bir hepde soňra Ankara döwleti Arabystanyň Stambuldaky konsullygyny baralamaga isleg bildirdi.
geçen hepde Türkiýäniň daşary işler ministrligine çagyrlan Arabystanyň Ankaradaky ilçisi şu gün hem bu ministrlige çagyryldy.
ýeri gelende aýtsak Türkiýäniň prezidenti rejep Taýyp Ärdogan ýekşenbe güni eden çykyşynda Al-Riýat döwletiniň tankytçysy bolan Arabystanly žurnalist Jamal haşakçini öz dosty hasaplamak bilen onuň dosýesini yzarlajakdygyny yglan etdi.
Jamal Haşakçi geçen sişenbe güni Arabystanyň Stambuldaky konsullygyna girenden soňra ýitirim boldy.
käbir habar serişdeleri Jamal haşakçiniň jesedi Stambulda tapyldy diýip yglan etdiler emma bu habary henize çenli türk resmileri tassyklandäldirler.