Owganystanyň saýlawlar komissiýasy:parlament saýlawlary belli edilen wagtynda geçiriler
https://parstoday.ir/tk/news/world-i3953-owganystanyň_saýlawlar_komissiýasy_parlament_saýlawlary_belli_edilen_wagtynda_geçiriler
Owganystanyň saýlawlar komissiýasynyň metbugat wekili Seit Hafizolla Haşemi bu ýurdyň ýurdyň parlament saýlawlarynyň belli edilen wagtda geçiriljekdigini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 14, 2018 18:47 Asia/Ashgabat
  • Owganystanyň saýlawlar komissiýasy:parlament saýlawlary belli edilen wagtynda geçiriler

Owganystanyň saýlawlar komissiýasynyň metbugat wekili Seit Hafizolla Haşemi bu ýurdyň ýurdyň parlament saýlawlarynyň belli edilen wagtda geçiriljekdigini yglan etdi.

şu gün Owganystanyň saýlawlar komissiýasynyň metbugat wekili Seit Hafizolla Haşemi Kabulda geçiren habar konferensiýasynda Owganystanyň parlament saýlawlary 20-nji Oktýabrda bu ýurdyň boýdan başynda geçiriljekdir we biometrik sistemasy hem bu saýlawlaryň sagdynlygyny kepillendirjekdir diýip nygtady.

Kabul News tele kanaly soňky wagtlarda Owganystanyň parlament saýlawlarynyň möhletini yza oklamak ugurda Günbatar döwletleriniň tagalla edip ýörändiklerini yglan edipdi.

Owganystanyň saýlawlar komissiýasynyň metbugat wekili sözüniň dowamynda şeýle-de döwlet resmilerine hemde işgärlerine garap saýlawlaryň gidişine we bu komissiýanyň işlerine goşulmaklary barada duýduryş bermek bilen ýogsa prokuratura tanydyljakdyklaryny yglan etdi.