Yanghee Lee:Mýanmarda musulmanlary gyrana bermek jenaýaty dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4001-yanghee_lee_mýanmarda_musulmanlary_gyrana_bermek_jenaýaty_dowam_edýär
Birleşen Milletler Guramasynyň Mýanmar işleri boýunça ýörite hasabatçysy bu ýurtda Ruhingiýali musulmanlaryň gyrana berilmeginiň dowam etýänligini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 25, 2018 12:45 Asia/Ashgabat
  • Yanghee Lee:Mýanmarda musulmanlary gyrana bermek jenaýaty dowam edýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Mýanmar işleri boýunça ýörite hasabatçysy bu ýurtda Ruhingiýali musulmanlaryň gyrana berilmeginiň dowam etýänligini yglan etdi.

Mehr habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Mýanmar döwleti demokratiýany berkarar etmäge we ähli raýatlaryna deň şertleri döretmäge ykjam däldir diýip Birleşen Milletler Guramasynyň Mýanmar işleri boýunça ýörite hasabatçysy Yanghee Lee aýtdy.

2017-nji ýylyň 25-nji Awgustyndan bäri ýene bir ybaratda Mýanmar goşunynyň Rahin welaýatyndaky Ruhingiýali musulmanlara garşy täze döwür hüjümleri we jenaýatlary başlanany bäri azyndan 6 müň musulman ölüp 8 müňden gowrak musulman ýaralanandyr we azyndan bir million musulman hem Bangladeşe gaçmaga mejbur bolandyr.

Mýanmaryň Rahin welaýaty 2012-nji ýyldan bäri bu ýurdyň goşunynyň we ekstremist butdistreriň musulmanlara garşy hüjümlerine şaýatlyk edýändir.Mýanmar goşuny bu ýurtdaky Ruhingiýaly musulmanlary çykarmagyň yzyndadyr.