Gazagystan Aşgabat ylalaşygyna goşulmakçy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4148-gazagystan_aşgabat_ylalaşygyna_goşulmakçy
Gazagystan döwleti Türkmenistan-Özbegistan-Eýran-Oman söwda koridori ýene bir ybaratda Aşgabat ylalaşygyna goşulmakçydyr.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 15, 2018 18:12 Asia/Ashgabat
  • Gazagystan Aşgabat ylalaşygyna goşulmakçy

Gazagystan döwleti Türkmenistan-Özbegistan-Eýran-Oman söwda koridori ýene bir ybaratda Aşgabat ylalaşygyna goşulmakçydyr.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä Astana döwleti Aşgabat ylalaşygy adyny alan Türkmenistan-Özbegistan-Eýran-Oman halkara ýük daşaýyş proýektine goşulmaklygy makullandyr we Gazagystanyň daşary işler ministrligi bu mowzug baradaky islegini Aşgabat ylalaşygynyň operatory bolan Türkmenistan döwletine gowşurmalydyr diýip Gazak resmileri yglan etdiler.

Aşgabat ylalaşygy Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Oman ýurtlaryň gatnaşmagynda merkezi Aziýadan dyngysyz Pars aýlagyna we Umman derýasyna haryt  we ýolagçy gatnatmak maksady bilen hasyl bolandyr. mundan aýry taraplar ýük daşaýyş möhletini azaltmaklygy, harajatlaryň kemeldilmegini, howpsuzlygy pugtalandyrmaklygy we edary işleri ýeňilleşdirmekligi nazara alýandyrlar.