Eýran Kabulda amala aşyrylan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Owganystanyň paýtagty Kabulda bu ýurdyň ilatynyň we ahun-ulamalarynyň onlarçasynyň ölmegine ýa-da ýaralanmaklaryna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi ýazgaryp Owganystan döwleti we milleti hemde bu şum jenaýatda gurban bolanlaryň maşgalalary bilen duýgydaşlyk bildirdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Bahran Gasemi bu aýylganç jenaýatyň rahmet pygamberi hezret Muhammet(sa)yň dogulan aýynda amala aşyp Owganystanyň ähli sünnet ulamalarynyň onlarçasynyň şehit bolmagyna sebäp bolanlygyna yşarat edip bu namartçylykly we terrorçylykly operasiýanyň aňrysynda kowumy we mezhebi pitne döretmekden başga niýet ýokdyr diýdi.
Gasemi şeýle-de Owganystan ilatynyň agzybirligini gorap Kabul döwletini goldamak bilen terrorizme garşy söwüşde üstünlik gazanmaklaryny umyt etdi.
sişenbe güni Kabulyň Uranus hotelinde hezret resul ekrem(sa)yň doguluş baýramy geçirilip duran mahaly amala aşyrylan terrorçylykly hüjümlerde azyndan 50 adam öldi we 70-den gowrak adam ýaralandy.
Owganystanyň prezidenti hem bu terrorçylykly hüjümi ýazgaryp bu jenaýaty adam ogulyna we yslama garşy jenaýat hasaplap Owganystanda umumy matam yglan etdi.
Owganystanyň milli birleşik döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy Abdollah Abdollah hem bu jenaýaty ýazgaryp terrorçylar yslam dininiň we musulmanlaryň duşmanydyklaryny ýene bir gezek tomaşa goýdylar diýip yglan etdi.
Talyban toparynyň metbugat wekili Zabiholl Mojahid hem şu gün bu jenaýaty ýazgaryp bu terrorçylykly hüjümde Talybanyň eliniň ýoklygyny aýtdy.