Ardugan:demokratiýa we adam hukuk synagynda Ýewropa şowsyzlyga uçrandyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4307-ardugan_demokratiýa_we_adam_hukuk_synagynda_Ýewropa_şowsyzlyga_uçrandyr
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardugan Fransiýanyň polisiýa güýçleriniň nägile ilata garşy basgylaýjy hereketlerini tankyt etmek bilen demokratiýa we adam hukuk synagynda Ýewropa şowsyzlyga uçrandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 09, 2018 18:26 Asia/Ashgabat
  • Ardugan:demokratiýa we adam hukuk synagynda Ýewropa şowsyzlyga uçrandyr

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardugan Fransiýanyň polisiýa güýçleriniň nägile ilata garşy basgylaýjy hereketlerini tankyt etmek bilen demokratiýa we adam hukuk synagynda Ýewropa şowsyzlyga uçrandyr diýdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardugan Fransiýanyň ykdysady syýasatlarynyň garşy nägilelik bildiren ilata garşy bu ýurdyň polisiýa güýçleriniň zorlukly hereketleri barada howatyrlanma bildirmek bilen her hilli gozgalaňçylygy ýazgardy.

Ardugan sözüniň dowamynda Ýewropada dükanlaryň we awto ulaglaryň otlanmagyna yşarat edip howpsyzlygyň we durmuş asudalygyň diwaryny gowşatýan bosgunlar ýa-da musulmanlar däl-de Ýewropalylaryň hut özleridirler diýip nygtady.

Ankara döwleti Ýewropanyň köçelerinde bolup geçýän wakalary howatyrlanma bilen yzarlaýandyr diýip Türkiýäniň prezidenti sözüne goşdy.

Fransiýanyň ilaty bu ýurdyň prezidenti Emanuel Makeronyň ykdysady syýasatlaryna garşydyrlar we şu esasda 3 hepde bäri ýörüş geçirip gelýändirler.olar şeýle-de Makeronyň wezipesinden çekilmegini isleýändirler.

Fransiýanyň polisiýasynyň zorlukly hereketleriniň netijesinde şu mahala çenli azyndan 5 adam öldi we ýüzlerçesi ýaralandy ýa-da gola salyndylar.