geljek ýyldan Azerbaýjan Respublikasynyň nebit önümi azaldyljakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4308-geljek_ýyldan_azerbaýjan_respublikasynyň_nebit_önümi_azaldyljakdyr
nebit eksport edýän ýurtlar guramasy OPEK-yň gol çeken ylalaşygy esasynda geljek milady ýyldan Azerbaýjan Respublikasy nebit önümini günde 20 müň çelek azaltjakdyr.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 09, 2018 18:45 Asia/Ashgabat
  • geljek ýyldan Azerbaýjan Respublikasynyň nebit önümi azaldyljakdyr

nebit eksport edýän ýurtlar guramasy OPEK-yň gol çeken ylalaşygy esasynda geljek milady ýyldan Azerbaýjan Respublikasy nebit önümini günde 20 müň çelek azaltjakdyr.

Azerbaýjan Respublikasynyň energiýa ministri Parwiz Şahbazow OPEK-e agza we agza bolmadyk ýurtlaryň nebit önüminiň azaldylmagy barada Wenada tutan tutumyny möhüm hasaplap hasyl bolan ylalaşyk nebit öndürijiler,nebit bazary we nebit senagatynyň ösüşi ugurda möhüm ädimdir diýip nygtady.

2018-nji ýylyň Oktýabr aýnda Azerbaýjan Respublikasy her günde 783 müň çelek nebit öndürýärdi we bu mukdar 2019-nji ýylda 763 müň çelege ýetirilmelidir.Wenada hasyl bolan ylalaşyk esasynda OPEK_e agza ýurtlar 2019-nji ýylda jemi nebit önümi 800 müň çelek we agza bolmadyk ýurtlar 400 müň çelek azaltmalydyrlar.