Paşinian Eýran bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4327-paşinian_eýran_bilen_gatnaşyklaryň_ösdürilmegini_nygtady
Ermenistanyň wagtlaýyn premýer ministri Nikole Paşinian Eýran Yslam Respublikasy bilen saklanýan gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 11, 2018 07:47 Asia/Ashgabat
  • Paşinian Eýran bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady

Ermenistanyň wagtlaýyn premýer ministri Nikole Paşinian Eýran Yslam Respublikasy bilen saklanýan gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtady.

Anadolu habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ermenistanyň wagtyndan ozal geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan Nikole Paşinian düýn Ýerewanda habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde Ermenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen saklaýan we ösüşe bakan gatnaşyklaryny gorajakdygyny yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasy Ermenistan üçin ýiti we gaty möhüm geçelgedir şoňa görä Ýerewan döwleti oňa ýörite ähmiýet berýändir diýip Paşinian sözüne goşdy.

düýn Ermenistanyň saýlawlar boýunça merkezi komissiýasy bu ýurdyň wagtlaýyn premýer ministri Nikole Paşinian başlyklaýyn bileleşigiň wagtyndan ozal geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny yglan edipdi.