Abu Dhabi şäherinde Taliban bilen Amerikanyň arasyndaky gepleşikler
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4377-abu_dhabi_şäherinde_taliban_bilen_amerikanyň_arasyndaky_gepleşikler
Taliban toparynyň metbugat wekili Zabiholla Mojahid Birleşen Arap Emirlikleriň paýtagty Abu Dhabide Amerikanyň resmileri bilen geçirilýän gepleşikler bu ýurdyň harbylarynyň Owganystandan çykarylmagy baradadyr diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 19, 2018 21:21 Asia/Ashgabat
  • Abu Dhabi şäherinde Taliban bilen Amerikanyň arasyndaky gepleşikler

Taliban toparynyň metbugat wekili Zabiholla Mojahid Birleşen Arap Emirlikleriň paýtagty Abu Dhabide Amerikanyň resmileri bilen geçirilýän gepleşikler bu ýurdyň harbylarynyň Owganystandan çykarylmagy baradadyr diýip yglan etdi.

Zbiholla Mojahid bir beýannama boýunça Taliban toparynyň Amerika bilen geçirýän gepleşikleri Owganystanyň içeri meseleleri baradadälde eýsem Amerikaly harbylaryň nähili Owganystandan çykarylmagy barada boljakdyr diýip nygtady.

Owganystanyň Taliban topary bilen Amerikanyň resmileriniň gepleşikleri Birleşen Arap Emirlikleriň milli howpsuzlyk maslahatçylarynyň gatnaşmagynda şu gün 3 gün bäri dowam edip durandyr.

 düýn Rýuterz habarlar gullugy Taliban bilen Amerika 6 aýlap atyşygyň ýatyrylmagy we Owganystanda wagtlaýyn hökümetiň guralmagy barada gürrüň edýändirler diýip yglan etdi, emma Zabiholla Mojahid bu habary ret etdi.