Owganystanyň prezidentlik wezipesi boýunça saýlowlara birinji gününde 22 kandidat bellige alyndy
Owganystanyň saýlawlar boýunça garaşsyz komissiýasynyň metbugat wekiliniň orunbasary bu ýurtda geçiriljek saýlawlar üçin birinji günde 22 dalaşgäriň şol sanda Owganystan döwletiniň öňki resmilerinden bir näçe dalaşgäriň hasaba alynanlygyny habar berdi.
Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Abdulaziz Ybrahimi Owganystanyň öňki milli howpsyzlyk maslahatçysy Hanif Atmar,öňki daşary işler ministri Zelmi Resul,milli howpsyzlyk edarasynyň öňki başlygy Rahmatullah Nabil,yslam jemgyýet partiýasynyň orunbasary Ahmet Wali Masud we Owganystanyň öňki içeri işler ministri Nuralhak Ulumi bu ýurdyň geljekki prezident saýlawlarynyň dalaşgärleriniň birnäçesini ybaratlaýandyrlar diýip nygtady.
Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani hemde bu ýurdyň döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy Abdullah Abdullah hem prezidentlik wezipesine kandidat boljakdyklaryny mundan ozal yglan edipdiler.
Owganystanyň saýlawlar programasy esasynda prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär çykýanlaryň atlaryny hasaba almak işi düýn 22-nji Dekabrdan başlandy we 12 günläp dowam etýär.
Owganystanyň prezident saýlawlary 2019-nji ýylyň 20-nji Aprelinde geçirilýär.