Amerika döwleti Siriýadaky kürtlere ýarag ibermezligi baradaky wadasyndan dändi
Amerikanyň goranmak ministrligi Siriýaly kürtlere ýarag ibermek baradaky programmasyna ýaňadan garajakdygyny we oňa üýtgeleňlikleri girizjekdigini yglan etdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habararyna görä Pentagonyň metbugat wekili Erik Pahon Amerika döwleti Siriýadaky kürt arkadaşlaryny harby taýdan goldamak baradaky programmasyna reformalary girizjekdigini aýtdy.
bu reformalar DAEŞ toparyny ýok etmek we bu terrorçy toparyň agzalarynyň ýaňadan öwürlip gelmekleriniň öňüne geçmek maksady bilen amala aşyryljakdyr diýip Pentagonyň metbugat wekili Erik Pahon toslady.
mundan ozal Amerikanyň prezidenti Donald Tramp Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Siriýadaky kürtlere ýarag iberilmegiň togtadylmagyna buýruk berendigini aýdypdy.
indi Türkiýe öwleti Amerika döwletinden Siriýadaky kürtlere ýarag ibermezligi baradaky wadasyna amal etmegini isleýändir.
Türkiýe döwleti Siriýadaky kürtleri özüne howp hasaplaýandyr.
DAEŞ-e garşy göreşmek bahanasy bilen Siriýadaky kürtlere ýarag iberilmegi gury bahanadyr we bu ýaraglaryň soňralar Türkiýä garşy ulanylmagy ahmaldyr diýip Ankaranyň resmileri aýtýarlar.