Owganystan senaty Trampyň owganlardan ötünç soramagyny talap etdi
Owganystanyň senaty Amerikanyň prezidenti Donald Trampdan soňky wagtlarda owgan halkyna eden bihormatçylygy babatly ötünç soramagyny isledi.
Owganystanyň senatynyň başlygy Fazil Hadi Muslemýar şu gün mejlisiň maslahatynda eden çykyşynda 1990-nji on ýyllygynda Sowetiň garşysynda owganlaryň jihadina garşy Donald Trampyň aýdan gürrüňleri Owganystan milletine bihormatçylyk edilmegi manysyndadyr diýip nygtady.
Sowetiň Owganystanda şowsyzlyga uçramagy bu ýurdyň ilatynyň buýsanjydyr diýip Muslemýar sözüne goşdy.
şol bir wagtda Owganystanyň sena mejlisiniň sekretarynyň orunbasary Feýsal Sami hem eger Owganystan ilaty şol wagt Sowetiň garşysynda jihad etmän bolsalardy bu günki gün Amerika Komunizmiň howpyndan aman galmazdy diýdi.
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp baýak eden çykyşynda Sowetiň Owganystana garşy hüjümini kanagatlanma bilen beýan edip komunistleriň basyp alyjylyklarynyň garşysynda duran owgan söweşijilerini terrorçy hasaplapdy.
1979-nji ýylyň Dekabr aýndan 1989-nji ýylyň Fewral aýyna çenli uzaga çeken Sowetiň Owganystana garşy harby hüjümi bu ýurtda ýüz müňlerçe parahat ilatyň ölmegine we düýp gurluşyklaryň weýran bolmagyna sebäp bolandyr.