Ärdogan, Jon Bolton bilen duşuşmakdan saklandy
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ankarada Amerikanyň milli howpsuzlyk maslahatçysy Jon Bolton bilen duşuşmakdan saklandy.
şu gün Jon Bolton Rejep Týyp Ärdoganyň duşuşmakdan saklanmagyndan soňra Türkiýäni terk etdi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan soňky wagtlardaSiriýadan çykmak baradakyAmerikanyň şerti halk goragçy birliklerini Türkiýäniň goramagydyr diýip Jon Boltonyň aýdan gürrüňini tankyt edipdi.
şu gün Jon Bolton Türkiýäni terk etmezden öňürti bu ýurdyň prezidentlik gullugynyň metbugat wekili Ybraýym kalin bilen duşuşyp gürrüň edipdi.
Jon Bolton düýn Amerika goşunynyň bilelikdäki ştabynyň başlygy Jozef danford, hemde bu ýurdyň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Jamz Jefrini öz içine alýan bir topara ýolbaşçylyk edip Ankara barypdy.