Owganystanyň mejlis başlygy Taliban toparyna garşy harby operasiýalaryň güýçlendirilmegini isledi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4548-owganystanyň_mejlis_başlygy_taliban_toparyna_garşy_harby_operasiýalaryň_güýçlendirilmegini_isledi
Owganystanyň wekiller mejlisiniň başlygy bu ýurdyň dürli sebitlerinde Taliban toparyna garşy Owganystanyň howpsyzlyk güýçleriniň harby operasiýalarynyň güýçlendirilmeginiň zerurlygyny nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 12, 2019 19:34 Asia/Ashgabat
  • Owganystanyň mejlis başlygy Taliban toparyna garşy harby operasiýalaryň güýçlendirilmegini isledi

Owganystanyň wekiller mejlisiniň başlygy bu ýurdyň dürli sebitlerinde Taliban toparyna garşy Owganystanyň howpsyzlyk güýçleriniň harby operasiýalarynyň güýçlendirilmeginiň zerurlygyny nygtady.

Awa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Abdulrauf Ibrahimi mejlis wekilleriniň maslahatynda eden çykyşynda Kabul döwleti bilen ýaraşyk gepleşikleri başlatmak üçin Taliban toparyna garşy basyşlaryň we operasiýalaryň güýjürgedilmegini nygtady.

Kabul döwleti mydama Owganystanda urşuyň ýatyrylmagyny we parahatçylygyň berkarar bolmagyny yzarlandyr emma Taliban topary döwlet güýçlerine we parahat ilata garşy hüjümlerini dowam edýändir diýip Owganystanyň wekiller mejlisiniň başlygy sözüne goşdy.

mundan ozal Owgan resmileri hem Taliban topary döwlet bilen ýaraşyk gepleşiklere girişmese bu topara garşy hüjümleriň köpeljekdigi barada duýduryş beripdiler.