Hanif Atmar Owganystanyň prezidentlik wezipesine dalaşgär çykdy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4585-hanif_atmar_owganystanyň_prezidentlik_wezipesine_dalaşgär_çykdy
Owganystanyň öňki milli howpsuzlyk maslahatçysy Muhammet Hanif Atmar bu ýurdyň geljekki prezident saýlawlarna dalaşgär adynda bellige alyndy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 18, 2019 19:24 Asia/Ashgabat
  • Hanif Atmar Owganystanyň prezidentlik wezipesine dalaşgär çykdy

Owganystanyň öňki milli howpsuzlyk maslahatçysy Muhammet Hanif Atmar bu ýurdyň geljekki prezident saýlawlarna dalaşgär adynda bellige alyndy.

Awa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Muhammet Hanif Atmar şu gün özüniň iki orunbasary Muhammet Ýünüs Kanuny we Muhammet Mohaggak bilen bilelikde saýlawlar boýunça garaşsyz komissiýasyna baryp 2019-nji ýylyň 20-nji Iýulynda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny yglan etdi.

Owganystanyň häzirki prezidenti Muhammet Aşraf Gani hem geljek ýekşenbe güni prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny resmi şekilinde yglan etjekdir.Aşraf Gani bilen Hanif Atmar geljeki prezident saýlawlaryna iki asly bäsdeş dalaşgär hasaplanýandyrlar.

milli kongre partiýanyň başlygy Latip Pedram,daşary işler ministrliginiň derňew işleriniň jogapkäri Faramarz Tamanna,milli wefak akymynyň başlygy Ahmet weli Masud,yslam partiýasynyň başlygy Gulboddin Hekmatýar,milli howpsuzlygyň öňki başlygy Rahmatullah Nabil,Owganystanyň syýasy aktiwistlerinden bolýan Muhammet Hekim Tursan hemde Owganystanyň Hindistandaky öňki ilçisi Şida Muhammet ibdali mundan ozal prezident saýlawlaryna dalaşgär höküminde atlaryny ýazdyran şahsyýetlerdir.