Azerbaýjan Respublikasy bilen Orsýetiň arasyndaky dawa güýçlendi
Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrligi bir beýannama boýunça Baku döwletine garşy Moskwanyň her hili beýannamasyna we hereketine amatly gaýtawul beriljekdigi barada duýduryş berdi.
Azerbaýjan Respublikasy we Orsýet birek biregiň garşysynda deň hukukdan paýly bolan döwletlerdirler oňa görä Moskwanyň zor edebiýatyndan peýdalanmagy kabul ederlik däldir we iki ýurduň arasynda diplomatik kadalary bozmak manysyndadyr diýip Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň beýannamasynda getirilendir.
Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa duşmançylyk ýüzünden Baku-Moskwanyň strategik gatnaşyklaryna urgy urup durandyr diýip ýaňky beýannamanyň dowamynda gelendir.
Orsýetiň daşary işler ministrligi näçe wagt mundan ozal bir beýannama boýunça rus raýatlarynyň Azerbaýjan Respublikasyna sapar etmekleri barada Baku döwletiniň çäklik döretmegine nägileligini yglan edendir.