Birleşen Milletler Guramasy Ruhingiýalylar barada Mýanmar döwletiniň hyzmatdaşlyk etmegini talap etdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4597-birleşen_milletler_guramasy_ruhingiýalylar_barada_mýanmar_döwletiniň_hyzmatdaşlyk_etmegini_talap_etdi
Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Mýanmar döwletinden Ruhingiýaly musulman bosgunlaryň öz ýurtlaryna dolanmaklary ugurda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegini talap etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 20, 2019 18:57 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasy Ruhingiýalylar barada Mýanmar  döwletiniň hyzmatdaşlyk etmegini talap etdi

Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Mýanmar döwletinden Ruhingiýaly musulman bosgunlaryň öz ýurtlaryna dolanmaklary ugurda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegini talap etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Antonio Guterres Mýanmar döwleti Ruhingiýaly musulman bosgunlaryň öz watanlaryna dolanmaklary ugurda gowşak amal edýändir diýmek bilen bir wagtda bu bosgunlaryň azyndan bir millindan gowragynyň geçen bir ýyllykda Bangladeşde kyn şertleri geçirendiklerini belläp geçdi.

Antonio Guterres şeýle-de Ruhingiýaly musulman bosgunlary howsuzlykda öz ýurtlaryna geçirmekde Mýanmar döwletiniň bitiren işlerinden tamasyny üzendigini aýtdy.

2017-nji ýylyň 25-nji Awgust aýndan bäri Mýanmar goşunynyň we ekstremist buddhistleriniň Ruhingiýaly musulmanlara garşy amala aşyran hüjümleri netijesinde azyndan 6 müň Ruhingiýaly musulman öldi we bir milliondan gowragy hem Bangladeşe gaçyp atdylar.

Birleşen Milletler Guramasy mundan ozal Mýanmar goşunyny nesil gyrgynçylygynda aýyplap ony dünýäniň iň erbet goşuny hasaplapdy.