ekstremizme garşy göreşmek barada Şanhaýyň konwensiýasyna Gyrgyzystanyň prezidenti gol goýdy
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow ekstremizme garşy göreşmek baradaky Şanhaý hyzmatdaşlyk guramanyň konwensiýasyna gol çekdi.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramanyň terrorizme garşy göreşmek baradaky 2017-nji ýylyň 9-nji Iýullynda Gazagystanyň paýtagty Astanada teklip edilen we 2018-nji ýylda Gyrgyzystanyň parlamentinde tassyklanan konwensiýa gol goýdy.
bu şertnamada ekstremizm,terrorizmiň köki adynda tanalyp Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň ekstremizme garşy ugurdaky hyzmatdaşlyklarynyň artdyrylmagy nygtalandyr.
Gazagystan,Gyrgyzystan,Orsýet,Täjigistan,Özbegistan we Hytaý ýurtlary 2001-nji ýylda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramanyň düýbini tutandyrlar.Pakistan bilen Hindistan hem 2017-nji ýylda Şanhaýyň mydamlyk agzalygyna alyndy.
Eýran Yslam Respublikasy Şanhaý hyzmatdaşlyk guramanyň gözegçi agzasydyr.