Azerbaýjan Respublikasynyň içeri işler ministri garşydaşlary aýyplady
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4636-azerbaýjan_respublikasynyň_içeri_işler_ministri_garşydaşlary_aýyplady
Azerbaýjan Respublikasynyň içeri işler ministri Ramil Ýüsübow döwlete garşylary bu ýurtda bulagaýjylyk döretmekde aýyplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 30, 2019 18:48 Asia/Ashgabat
  • Azerbaýjan Respublikasynyň içeri işler ministri garşydaşlary aýyplady

Azerbaýjan Respublikasynyň içeri işler ministri Ramil Ýüsübow döwlete garşylary bu ýurtda bulagaýjylyk döretmekde aýyplady.

Ramil Ýüsübow Bakuda geçiren maslahatynda Ylham Aliýewiň baş tutanlygyndaky döwlete garşylar soňky günlerde bu şäherde geçiren ýörüşleriniň gidişinde polisiýa güýçleri bilen çaknyşyp ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak ugurda tagalla edendirler diýip nygtady.

döwlete garşylar Azerbaýjan Respublikasyny içeri urşa tarap äkitmek ugurda tagalla edýändirler diýip Ýüsübow sözüne goşdy.

soňky wagtlarda Azerbaýjan Respublikasynyň mejlisiniň goranyş we milli howpsuzlyk komitetiniň agzasy Zahed Uruj hem Baku döwletine garşylary DAEŞ hasaplandyr.

Azerbaýjan Respublikasynyň halyk toplumy partiýasynyň başlygy Ali Kerimli bu ýurduň ilatyny döwlete garşy ýörüş geçirmäge çagyrandyr.