Birleşen Milletler Guramasy Ysraýyl režiminiň şäherçe gurluşlarynyň öňüne geçilmegini nygtady
Birleşen Milletler Guramanyň Palestinanyň basyp alynan ülkelerindäki hasabatçysy Mikael Linkbasyp alynan ülkelerdäki Sionist režiminiň şäherçe gurluşyklaryna garşy dünýä derejesinde bir herekete baş goşulmagyny isledi.
Mikael Link bir beýannama boýunça Sionist režiminiň şäherçe guruşyklaryny ýazgarmak bilen bu režimiň adam hukukyna garşy hereketleriniň öňüne geçmek ugurda halkara köpçüliginiň gaýym durmagyny talap etdi.
Birleşen Milletler Guramanyň Palestinanyň basyp alynan ülkelerindäki hasabatçysy şeýle-de Sionist režiminiň şäherçe gurluşyklarynyň garşysynda halkara köpçüliginiň parhsyz oturan ýagdaýynda ahyrynda basyp alynan ülkeleriň Ysraýyl režiminiň kontrol astyndaky sebitlerine birkdirilmegine şaýat boljakdyrys diýip sözüne goşdy.
Sionist režiminiň şäherçe gurluşyk işleri 1949-nji ýylda gol çekilen Ženewanyň 4-nji konwensiýasyna garşydyr diýip Mikael Link nygtap geçdi.