Madoro Amerika duýduryş berdi
Wenesuelanyň prezidenti Waşingtonyň ähtimallaýyn bu ýurda garşy harby hüjüminiň gaýtawulynda Amerika Wenesuela harby hüjüme geçen ýagdaýnda Wýetnamyň söweşi ýaly söweşe gabat geljekdir diýip duýduryş berdi.
Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Madoro Ispaniýanyň bir tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň Wenezuela garşy harby hüjüm etmek ähtimaly barada geçen günlerde Amerikanyň prezidenti Donal Trampyň aýdan gürrüňlerine yşarat edip Trampa garap uly ýalňyşlyga baş goşýarsyň we gana boýalan elleriň bilen prezident döwüriňi gutarjakdyrysyň diýdi.
Ak-Tam açyk tärde Wenesuelanyň içeri işlerine goşulup döwlete garşy bolýan Huwan Goaýdony goldamak bilen Wenesuelaga harby hüjüm bilen haýbat atandyr.
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlud Çawuşoglu Wenesuelanyň dartgynlylygynyň gepleşik arkaly we syýasy ýollardan çözülmelidigini nygtap başga ýurtlardan Wenesuelanyň içeri işlerine goşulmakdan saklanmaklaryny talap etdi.
Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary hem Wenesuelanyň ýagdaýy barada howatyrlanma bildirmek bilen durmuşky dawada hiç bir tarapyň tarapyny çalmajakdygyny eýsem bu guramanyň abyraýyny goramak üçin syýasy çäräni tapmak ugurda tagalla etjekdigini nygtady.