Lawrow Wenesuela barada Amerika duýduryş berdi
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow öten agşam Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Wenesuelanyň içeri işlerine Amerikanyň goşulmagynyň yz gelimleri barada duýduryş berdi.
Lawrow şeýle-de Wenesuela meselesi barada maslahat geçirmäge hemde bu ýurduň içerki agzalalyklaryny çözmek ugurda hyzmatdaşlyk etmäge Moskwanyň taýýarlygyny nygtady.
Orsýetiň daşary işler ministri şeýle-de sişenbe güni Moskwada Finlandiýanyň daşary işler ministri Timo Soini bilen bilelikde geçiren habar konferensiýada Wenesuelanyň kanuny döwletine garşy Amerikanyň amala aşyrýan hereketlerine tankyt bildirip Waşington Wenesuela meselesinde bihaýalyk bilen amal edýändir diýdi.
ol şeýle-de Wenesuela döwletine garşylaryň ýolbaşçysy Juan Guaidonyň Amerikalylaryň tarapyndan hedaýat bolýanlygyny nygtady.
Amerika döwleti soňky hepdelerde Juan Guaidony goldamak bilen Wenesuelanyň kanuny döwletini ýykmagyň yzyndadyr.
Guaido Amerika we ýaranlarynyň goldamagy bilen 23-nji Ýanwarda özüni Wenesuelanyň prezidenti yglan edendir emma oňa garamazdan dünýäniň aglaba ýurtlary şol sanda Eýran,Orsýet,Türkiýä,Kuba,Günorta Aferika Amerikanyň we Guaidonyň pozisiýalaryny ýazgaryň Wenesuelanyň häkimiýetine we toprak bitewiligine hormat goýulmagyny nygtandyrlar.