Amerika bilen Talibanyň 5-nji döwür gepleşikleri
Amerika bilen Taliban toparynyň arasyndaky hamala ýaraşyk gepleşiklereiniň 5-nji döwri katarda geçirildi.
Amerikanyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Zalmaý halilzad birinji gezek üçin Kataryň paýtagty Duha şäherinde Talibanyň ikinji şahsyýeti bolan Molla Abdulgani baradar bilen duşuşyp Owganystnyň ýaraşygy barada gürrüň etdi.
Molla Abdulgani baradar hem şu gün Zalmaý halilzad bilen geçiren duşuşygynyň formalitedigini we asly gepleşikleriň erti geçiriljekdigini aýtdy.
Owganystanyň ýaraşyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretarlygynyň başlygy Omar Dawudzaý kabulda geçiren habar konferensiýasynda eden çykyşynda kabul döwleti Zalmaý halilzaddan Owganystan döwleti bilen taliban toparynyň arasynda resmi gepleşiklere şert döretmegine garaşýandyr diýip yglan etdi.