Birleşen Milletler Guramasy:hemmeler ýadro ylalaşygy baradaky ykrarlarynda durmalydyrlar
Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynyň başlygy Maria Fernanda Espinosa ýadro ylalaşygy toparlaýyn ylalaşygyň netijesidir diýmek bilen hemmeler bu ylalaşyk baradaky ykrarlarynda durmalydyrlar diýdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynyň başlygy Maria Fernanda Espinosa sözüniň dowamynda hemmeler gol çeken ylalaşyklaryna hormat goýup ony goldamalydyrlar diýip nygtady.
Espinosa şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň ýadro ylalaşygy baradaky boluşyny oňaýly hasaplamak bilen Ýewropalylar ýadro ylalaşygyň goralmagyny isleýändirler diýdi.
2015-nji ýylyň 14-nji Iýulynda Eýran bilen 5+1 ýurtlaryň arasynda ýadro ylalaşygy hasyl boldy we 2016-nji ýylyň 16-nji Ýanwaryndan amala aşyrylyp başlandy we 2018-nji ýylyň 8-nji Maýynda Amerikanyň prezidenti Donald Tramp ýadro ylalaşygyndan çykýanlygyny yglan etdi.
Donald Trampyň bu hereketi dünýä derejesinde aýratynda ýadro ylalaşyga gol çeken ýurtlary tarapyndan güýçli tankytlar bilen ýüzbe ýüz boldy.