Boeing 737 MAX-8 gysymly uçarlaryň uçuşlary ýatyryldy
6 aýdan azrak wagtyň içinde Boeing 737 MAX-8 gysymly 2 sany uçaryň ýere gaçmagynyň yzy bilen düýn düýäniň onlarça ýurdy bu uçarlaryň uçuşlaryny näbeli wagta çenli ýatyrdylar.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Britaniýa,Hytaý,Awstraliýa,Günorta Afrika we Argentina bu uçarlaryň uçuşlaryny gadagan eden ilkinji ýurtlardandyrlar.
Ýewropanyň başga ýurtlary şol sanda Irlandiýa,Germaniýa,Italiýa,Awstraliýa we Niderlandleriň ýokarda agzalyp geçilen ýurtlara meňzeş tutumlary ileri sürenleri soňra Ýewropa Bileleşiginiň uçuşlar boýunça howpsuzlyk agentligi bu bileleşige agza ýurtlarynda Boeing 737 MAX-8 we 9 gysymly uçarlarynyň uçuşlarynyň gadaganlygyny höküm etdi.
Türkiýe,Birleşen Arap Emirlikleri hem-de Oman hem bu uçarlaryň uçuşlaryny ýatyrmaga niýetlenen ýurtlardandyr.durmuşda diňe Amerika we Kanada-da bu uçarlar giň gerimde işe alynyp durulandyr.
2019-njiý ylyň 10-nji Martynda Efiopiýa-dan Kenýa barýan Boeing 737 MAX-8 gysymly uçar ýere gaçyp onuň 157 ýolagçysy aradan çykdylar.mundan ozal 2018-nji ýylyň Oktýabr aýynda hem Indoneziýa-da bu hilli uçar ýere gaçyp onuň 189 ýolagçysy gurban bolupdy.