Owganystanyň adam hukuk komisiýasy Amerikanyň urş jenaýatlaryna ýetişiklik edilmegini isledi
Owganystanyň adam hukuk komissiýasy bu ýurtda Amerikanyň baş goşýan uruş jenaýatlarynyň öňüni almak üçin çäre görülmegini talap etdi.
Awa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Amerika Lahanyň jenaýatçylyk sudynyň derňewjilerine Owganystana sapar etmäge rugsat bermäni soň Owganystanyň adam hukuk komissiýasynyň metbugat wekili Belal Seddigi halkara köpçüliginden we adam hukuk guramalaryndan Owganystanda Amerikanyň harby jenaýatlarynyň öňüni almak ugurda tagalla etmeklerini isledi.
Owganystanyň adam hukuk komissiýasy mydama adalatyň we ýurtda kanunyň häkimiýetiniň tarapdarydyr emma geçen 18 ýylyň boýunda Amerika başlyklaýyn daşary ýurt harbylary Owganystanda köp jenaýatlara baş goşandyrlar diýip Belal Seddigi sözüne goşdy.
Seddigi şeýle-de Aşraf Gani döwletinden we halkara guramalaryndan Amerikanyň Owganystanda amala aşyrýan harby jenaýatlarynyň dowam etmeginiň we netijede Owgan halkynyň gyrana berilmeginiň öňüne geçmegini talap etdi.